Piton dilinde ilkinji programmamyz!
Öňem belläp geçişimiz ýaly, Piton programma dili dünýa meşhur dilleriň biri bolmak bilen bir hatarda, dürli senagatlarda, pudaklarda diňe bir läheň kompaniýalar we şereketler tarapyndan ulanylman, kiçi startaplar tarapyndan hem aýratyn maksatlar üçin giňden peýdalanylýar. Muňa mysal edip Google, Amazon, Taobao, Tesla, Facebook, Microsoft, AirBnb, NASA, Dropbox, Youtube [Google Incorporated] kompaniýalary we kärhanalary görkezmek bolar.
Geçen postumyzda nädip piton programmasynda işe başlamak üçin düşekçe taýynlamagy öwrendik. Eger düşekçe taýynlamagy bilmeýän bolsaňyz onda meniň ozalky postuma göz aýlap bilersiňiz. Geliň indi bolsa programirleme dünýäsine ilkinji ädimimizi ädeliň. Piton programmasyny şahsy kompýuteriňize üstünlikli guran bolsaňyz, Windows awto-gözleg penjiresinde aşakdaka meňzeş ýazgylary görersiňiz.
Programmany işe goýbereliň şonda aşakdaka meňzeş penjire açylar.
Belki sizde ýazgylaryň şrifti bu ýerde görýäniňizden üýtgeşik bolup biler ony hem Options->Configure IDLE->Fonts/Tabs bölüminden islegiňize görä saýlap bilersiňiz.
Ýokarda görýäniňiz piton redaktory[python editor], bu piton programmasy bilen bilelikde gurulýar. >>> bu bolsa piton interaktiw şeli ýa-da ýönekeý şell hasaplanýar. [piton gabygy diýseň gulaga ýakymsyz eşidilýär, ondan owadan söz kelläňize gelse, komentariýa bölümde maňa duýduraýyň]. Bu ýerde programmalar göni işe goýberilýär. Indi bolsa klawituradaky harplara, sanlara ýa-da symbollara basyşdyryp enter düwmesini basalyň.
Görşümiz ýaly biz dürli görnüşdäki ýalňyşlyklary gördük, diýmek programma ýazmagyň hem düzgünleri, kadalary we yzygiderligi bar eken. Geliň indi şeýleräk eksperimentleri geçiriň göreliň.
>>> “piton ajayyp dil”
>>> 123
>>> 2 + 2
>>> 10 / 2
>>> 9 + 3 – 2
Ýazgylary ýazyp göreliň, şonda aşakdaka meňzeş netijeleri alarsyňyz.
Görşümiz ýaly piton şeli goşadyrnakda näme ýazsak şony ýeke-dyrnakda gaýtaryp berip dur. Duruň ýene-de san ýazsak sany gaýtaryp berýär, o-ho sanlary hasaplapda berýär. Dogry piton şeli bu amallary ýerine ýetirmek üçin dizaýn edilendir. Emma hakyky-dünýä proýektleri piton şelinde ýazylmaýar. Onuň üçin ýörite redaktorlar ulanylýar.
Piton IDLE açyk durka CTRL + N düwmeler kombinasiýasyna basalyň ýa-da ýokardaky menýudan File->New File tyklalyň. Şonda aşakdaka meňzeş penjiräni görersiňiz.
Siz pitonyň öz redaktoryny açdyňyz. Şol ýerde aşakdaky ýazgyny ýazyň.
print(“Salam geljekki programistler”)
Soňra bolsa programmany işe goýbermek üçin CTRL + F5 ýa-da ýokarky menýudan Run->Run Module tyklaýaňyz.
Indi siz şeýleräk penjireleri görersiňiz.
“OK” diýýäňiz we programmaňyza at dakýaňyz. Mysal üçin ilkinji_programma
“Save” düwmesine basýaňyz,
onda bize ekranda Salam geljekki programistler ýazgysyny göreris. Gutlaýan siz piton dilinde ilkinji programmaňyzy ýazdyňyz. Bu ýerde print piton’da döredilen içki funksiýasy bolup ol ekrana çap etmegi amala aşyrýar.
Mysal üçin aşakdakylara seredip geçeliň:
print(“Salam adamlar”)
print(‘Bu menin pitonda ikinji programmam’)
Şulary redaktorda girizip CTRL+F5 bassak ýa-da başgaça programmany işe goýbersek. Mundan soňra programmany işe goýbermek terminini ulanarys. Ekranda aşakdaka meňzeş netijeleri göreris.
Bellik: Girizilen ýazgy hökmany suratda ýa-da goşa dyrnagyň ýa-da ýeke-dyrnagyň içinde bolmalydyr we goşa dyrnagyň içinde goşadyrnak ýa-da ýeke-dyrnagyň içinde ýekedyrnak ulanmaga rugsat edilmeýar.
Indi mundan başgada islendik tekstiňizi bu ýerde girizip ekrana çap etdirip bilersiňiz. Print funksiýasy diňe tekstleri çap etmek üçin ulanylýarmy? Ýok, ondan başgada ýönekeý arifmetiki amallaryň netijelerini hem bize çap edip berýär. Mysal üçin:
print(2 + 3)
print(4 — 1)
print(1 + 2 – 3 + 4 / 2)
print(3 * (2 + 1))
print(10 / 2)
Görşümiz ýaly bize amallaryň özlerini dälde dogry jogaplaryny çykaryp berdi. Size sorag eger biz şul amallary goşadyrnagyň içinde ýazan bolsadyk nähili netije alardyk. Bu hem size öý işi bolsun. Jogaplaryňyzy komentariýa bölümde ýazmagy unutmaň we indiki postumda jogaplaryny size duýduraryn. Onna näme indiki postumda görüşýänçäk. Umyt edýän siz üçin gyzykly bolandyr diýip, eger edilen iş, çekilen zähmedimiz göwnüňizden turan bolsa laýk goýup, çapak çalmagy ýatdan çykarmaň, eger-de göwnüňize ýaramadyk bolsa komentariýa bölümde tankyt edip kemçiliklerimizi aýtmany unutmaň. Onda näme sag-amanja galyň!