Salam Hormatly Okyjylar!
Bugün siz bilen nädip Piton programma dilinde işe başlamak barada öwreneris. Eger siz Piton programma dilini barada gysgaça tanyşmak isleýän bolsaňyz meniň mundan ozalky postuma göz aýlamagy maslahat berýärin. Belki siz üçin peýdaly maglumatlar tapyp bilersiňiz. Ýeterlik gürledik geliň inni bolsa nädip piton programmasyny öz kompýuterimize gurup ony işe goýbermegi öwreneliň.
Piton programmasy edil beýleki kompýuter programmalar ýaly kompýutere gurnalýar. Pikirimçe mundan ozal kompýuterde programmalary gurnamak bilen iş salşyp görensiňiz. Eger etmedik bolsaňyzda aladalanmaň men size ýönekeýje düşündirjek bolaryn. Kompýutere programma gurnamak ýönekeý dilde aýdanyňda birnäçe kliklerden[click][birnäçe wirtual düwmelere dowamly basmak] ybaratdyr. Ýöne ilki bilen programmany gurnamazdan ozal programmanyň gurnap bolýan pakedi[installable package] gerekdir. Ony hem internet web sahypasyndan ýa-da beýleki kompýuter ulanyjylaryň kompýuterinden geçirip alyp bilersiňiz. Men umumy usuly bolan internet sahypasyndan alyp gurnamagy size görkezerin. Ilki bilen öz web brawzeriňizde piton’yň resmi sahypasyna girýärsiňiz. Brawzeriňizde saýlan diliňize görä sizde Downloads/Скачат diýip görüner. Soňra şol ýerden “Downloads” bölümine gönükýarsiňiz.
Soňra siz aşakdaky suratdaka meňzeş interfeýs bilen garşylaşarsyňyz. Şo ýerde siziň operasion sistemaňyza görä web sahypa size wersiýa maslahat berýär.
Indi bolsa bize ýokarda ýaly görünýän sary düwmejige kliklemek[basmak] ýeterlikdir. Şonda siziň brawzeriňizde awtomatik ýagdaýda ýükleme prosesi başlar.
Häzirki wagtdaky piton’yň aktual wersiýasy piton 3.9, emma siz islegiňize görä ondan aşak wersiýalaryny hem ulanyp bilersiňiz.
Bellik: piton’y kompýuteriňize ýükläp almazdan ozal, kompýuteriňiziň näçe bitlik operasion sistema duranlygyny bilmegiňiz zerur bolup biler. Eger ýükläp alan programmaňyz kompýutere gurmakda kynçylyk çekseňiz başga görnüş hem-de wersiýalary barlap görmek ýörgünli usullaryň biridir.
Programmany ýükläp bolandygyna göra brawzeriňizdäki görnüp duran ikonjygyň üstüne tyklamagyňyz, gurmak prosesini başladar, eger kompýuteriňize programmany gurmak üçin admin rugsadyny sorasa ol bilen ylalaşyň. Siz aşakdaky suratdaky ýaly penjira bilen ýüzleşersiňiz.
Şu ýerde indiki ädime geçmezden ozal gyzyl gönüburçluk bilen gaplanan meýdançadaky ýere tik goýmagy unutmaly däl, has takygy “Add Python 3.9 to PATH” ýazgysyna bellik goýýarys. Bu bize piton programmasyny windows operasion sistemasynda islendik salgydan çagyrmaga mümkinçilik berýär. Soňra “Install Now” düwmesine basyp hemme görkezýän şertleri bilen ylalaşyp, gurnamak prosesi gutarýança garaşmak galýar.
Gurnama prosesi tamamlanadygyna görä, indi bolsa hakykatdan hem ol biziň sistemamyza dogry düzgün ornaşdyrylandygyny test edip göreliň. Windows operasion ulgamynda [windows] düwmejigine basýaňyz we gözleg penjiresine cmd diýip ýazýaňyz. Eger operasion sistemaňyz rus dilinde duran bolsa командная строка diýip ýazsaňyz. Aşakdaky suratdaka meňzeş obraz görersiňiz.
“Enter” düwmesine basýaňyz şonda sizde windows kommandalar terminalynyň penjiresi peýda bolar. Piton’yň üstünlikli gurlanlygyny barlamak üçin “py” ýa-da “python” ýazyp enter basanyňyzda aşakdaka meňzeş netijäni görmegiňiz. Gutlaýan siziň piton programmasyny üstünlikli gurandygyňyzy aňladýar.
Sizde saýlan piton wersiýaňyza görä görkezilýän sanlar üýtgäp biler. Inni bolsa düşekçe gurnamak diýen söze aýdyňlyk girizeliň. Düşekçe gurnamak iş stoluny taýynlamak bilen manydaşdyr. Edil islendik bir işe başlamazdan ozal oňa gerekli bolan enjamlary düzmeklige kybapdaş diýsek ýalňyşmarys. Bu gezekgi postumda men size nädip piton programmasyny kompýuterleriňize gurup bolýandygyny öwretmäge çalyşdym. Eger çeken zähmedim göwnüňizden turan bolsa laýk goýup paýlaşmagy hem-de aşak gyrajykda duran el-çarpma ikonjygyny deşmegi unutmäň. Elbet-de eger göwnüňizden turmadyk bolsa komentariýalar bölüminde meni tankyt etmegi unutmaň. Onna näme indiki postumda görüşýänçäk!