Salam hormatly okyjylar!
Ýyldyrym çaltlygy bilen ösýän bu döwürde meniň pikirimçe hiç kim-de döwürdeşlerinden yza galmak islemeýärler. Islendik pudak ýa-da senagatda munuň dogrulygyna güwa geçip bolar. Edil şol sanda IT senagaty hem bu hatara goşulýar. IT senagaty diýenimizde göz öňümize diňe kompýuterler gelmän eýsem kompýuterler bilen bagly bolan, has takygy softweýrler[software]. Deňeşdirme hökmünde adamzat iki sany esasy ulgamdan durýar. Beden ulgamy we ruhy. Edil şuňa meňzeşlikde kompýuterlerde hem şeýle infrastruktura göz öňünde tutulandyr. Gözümiz bilen görüp elimiz bilen tutup bilýän kompýuter böleklerine hardweir[hardware] diýilýär. Şol bölekleri programmalamak üçin bolsa birnäçe görnüşli aýratyn softweirler ulanylýar. Kompýuterlerde belli bir buýruklary ýerine ýetirmek üçin ýazylan buýruklaryň toplumyna programma dili diýip aýdylýar. Kompýuterler diňe buýruklar arkaly dolandyrylýarlar. Programma dillerine mysal hökmünde, köpimiziň bilşimiz ýaly mekdep döwründen eşidýänimiz paskal[pascal], turbo Basic ýaly programma dilleri bardyr. Emma programma dilleri bular bilen çäklenmeýar we ýylda ýüzläp täze programma dilleri senagata we ylyma ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda meşhur bolan programma dilleri hökmünde piton[python], java[jawa], с[si], с++[si plas plas], go, JavaScript we с#[si-şarp] mysal getirmek bolar. Dilleriň meşhurlygynyň sebäbi belli senagatda belli bir işlere ýöriteleşenligidir. Mysal üçin JavaScript programma dili serwer hem-de klient tarap web programmirlemekde giňden ulanylýar.
Programma diliniň näme zatlygy barada düşünje alandygymyza görä, geliň indi bolsa, näme üçin esasan hem Piton, programirlemäne başlamak üçin ideal dilleriň biridigine göz ýetireliň.
- Ilki bilen piton öwrenmesi ýeňil, sintakslari düşnükli dildir.
- Piton programma dilinde giň kitaphanalar mümkinçiligi bar. Bu näme diýmek. Kitaphana[library] programma dili üçin gapdaldan goşundy hökmünde ulanylýan gurallar toplumydyr. Muny bir adamyň hakyky kitaphana gidip kitap alyp bilmek mümkinçiligi ýaly hyýal etmek bolar. Kitaphana siziň däl ýöne siz onuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilýarsiňiz.
- Häzirki wagtda giň uly kärhanalaryň, kompaniýalaryň bu dile bolan talabynyň artmagy[spros]. Bu programma dilini öwrenmäge bolan höwesi artdyrýar we ýoluň soňunda iş bilen üpjün etmegi ätiýaçlandyrýar.
- Ýene-de bir pitonyň aýratynlygy, piton açyk-çeşme we bu dilde giň goldawçylary bar. Muňa nähili düşünmeli. Pitonyň ýazylan kodlaryny her kim alyp görüp, oňa üýtgeşmeler girizip bilýar. Öňem belläň geçişimiz ýaly bu dil meşhur dilleriň biri bolany üçin ony gündelik durmyşynda, işinde ulanýan adamlar gaty kändir we olar bu dili ösdürmek üçin öz goşantlaryny goşýarlar. Eýsem munuň bilen çäklenmän tehnologiýa läheňleri hem bu dili ösdürmek üçin elinde baryny edýärler.
- Piton programma dilinde örän uly göwrümli 3-nji tarap kitaphanalar gorlarynyň bolmagy, belki bu diliň iň esasy aýratynlygy diýsek ýalňyşmarys. Bu programma dilinde 125000-den gowrak 3-nji tarap kitaphana gory bardyr.
Emma elbetde käsäniň doly tarapy we boş tarapy bolşy ýaly bu diliň hem birnäçe asgyn gelýän taraplary bardyr.
- Beýleki dillere seredeniňde haýal işlemesi. Piton dili glu programma dili diýip aýdylýar. Glu programma dili bolanda adamlara okamak hem-de ýazmak üçin amatly emma kompýuter wagt-egleýän programma dili görnüşde düşünmek bolar.
- Piton başgaça ýat-iýiji programma dil diýsekde nädogry bolmaýar. Sebäbi piton işe goýberilen wagtynda pitonda aýratyn bir funksiýa bolan galyndylary-ýygnamak/galyndylary-çöplemek[garbage collection] herekete geçýär we artykmaç ýadyn ulanylmagyna getirýar.
- Piton dinamik ýazylýan programma dili. Ýazylyşyna görä diller esasan iki topara bölünýär. Statiki we dinamiki ýazylyşly programma dilleri. Dinamiki ýazylyşly programma dillerinde ýüze çykýan esasy ýalňyşlyklar ýazylyş ýalňyşlygy[type error].
- Android we iOS programirlemekde gowşaklygy. Piton glu programma dili bolanlygy üçin ol android we iOS programirlemekde kän ulanylmaýar.
Ýokarda biz piton programma diliniň artykmaçlyklary we gowşak taraplarynyň üstünde durup geçdik. Geliň inni bolsa piton haýsy senagatlarda ulanylýar, seredeliň.
- Kiber howpsuzlykda [cybersecurity]— maglumatlary goramakda we olaryň goraglylygyny üpjün etmekde.
- Emeli aň tehnologiýalarynda [artificial intelligence]— maşyn öwretme[machine learning] we çuňlaşdyryp öwretme[deep learning] tehnologiýalarynda.
- Web programirlemekde[web programming]
- Ylmy işleri prototiplemekde[scientific programming]
- Zatlaryň internetlerini programirlemekde[Internet of Things programming]
- Aýratyn hardweirleri[embedded system programming] programirlemekde giňden ulanylýar.
Görşümiz ýaly piton dili ýeňil, amatly we güýçli programma dilleriň biri bolmak bilen bir hatarda ýaşyňyza seretmezden çagalar, ýetginjekler we uly ýaşly adamlar üçin öwrenip, şol ugurda ussat bolmak üçin iň bir ajaýyp, ideal dilleriň biridir. Gysgaça bellik häzirki wagtda piton programmasynyň esasy 2 sany görnüşi tapawutlandyrylýar. Piton 2 we Piton 3. Bular öz gezeginde biri-birinden sintaks aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Biz bu ýerde Piton 3 öwreneris.
Gymmatly wagtyňyzy aýryp okanlygyňyz üçin size minnetdar. Umyt edýän çeken zähmedimiz göwnüňize ýarandyr. Eger göwnüňize ýaran bolsa like düwmesine tykladyp, klap ikonkasyny döwmegi unutmaň!
#python #turkmençepython #turkmençepiton #programming #programirlemek #learn #koding #kodlamak #turkmençe